Dostluk We Agzybirlik (#11929)

Ylahy, Ylahy! Bendeleriň köňüllerini bir-birine bagla hem olaryň öz isleglerini özlerine aýan et. Goý olar Seniň buýruklaryňa sygynsynlar we Seniň permanlaryňda berk bolsunlar.
    Barhudaýa! Olara edýän işlerinde hemaýat et we Seniň bendeligiňi berjaý etmäge kuwwat ber.
    Eý Perwerdigär! Olary öz erkinde goýma. Olaryň ädimlerine, ylym ýalkymy bilen ýol görkez hem-de ýüreklerine Öz yşkyňdan şadyýanlyk guý. Dogrudanam Sensiň ýardam beriji, Sensiň olaryň Allahy.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Dostluk We Agzybirlik (#11933)

Eý Perwerdigär! Günbatarly ýaranlaryň goluny Gündogarly dostlaryň goýnunda görerin diýip, ynsanlary tükeniksiz mähir bilen bir toparyň agzalary, bir ummanyň damjalary, bir bakjanyň guşlary, bir deňziň dürleri, bir agajyň ýapraklary we bir güneşiň ýalkymlary bolarlar diýip, bu Seniň dergähiň guly arzuw edýändir. Sensiň Gudratly we Başarjaň, Sensiň Kadyr, Eziz hem Görüji.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Dostluk We Agzybirlik (#11932)

Hu’Alla.
    Eý Mähriban Taňrym! Bary bir taýpanyň agzasy hem Seniň dergähiň bendeleri bolup biler ýaly ähli adamzady bir nesilden ýaratdyň. Olara Öz Jomartlyk öýüň saýasynda pena berdiň. 
    Bereketli saçagyň daşyna üýşürdiň we merhemet güneşleriň şapaklary bilen olara ýagtylyk berdiň.
    Barhudaýa! Sensiň Mähriban, Sensiň pena we aman berýän hem dirilik suwundan içirýän. Ynsanlyk täjini her bir başa zynat etdiň, adamzat neslini merhemet dony bilen bezediň.
    Eý Mähriban Möwlam! Hemmäni birleşdir, dürli taýpalaryň arasynda ülpet döret. Bar milletler bir maşgalanyň agzalary bolup, ýer ýüzüni bir watan saýyp biler ýaly hem iň uly derejede agzybirlik we dostluk gözlener ýaly, baryny bir millete öwür.
    Barhudaýa! Adamlar dünýäsiniň birleşik baýdagyny dikelt hem olary iň uly parahatlyga ýetir.
    Eý meniň Taňrym, Eý Mähriban Atam! Ýüreklerimizi yşkyň ýakymly ysy bilen şatlandyr hem gözlerimizi salgy ýalkymy bilen röwşen et. Gulaklary jana ýakymly owazlar bilen doldur we Öz merhemetli goragyňda aman we pena ber. Dogrudanam Sensiň iň Güýçli we Başarjaň, Eý müýnleri Ýaşyryjy we Eý günäleri Bagyşlaýjy!

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Dostluk We Agzybirlik (#11931)

Hu’Alla.
    Eý meniň Mähriban Taňrym! Seniň Rähmetli saýaňa üýşen bu jemiň ünsi Seniň Melekutyňa maýyldyr.
    Barhudaýa! Biz bendelere kerem eýle, biz garyplara asmanly genjiňden bagş eýle. Biz nadanlara zatlaryň hakykatyny delalat kyl. Biz ejizlere asmanly kuwwat ýetir. Biz panylary Bakyýet älemine sal. Seniň kabul etmegiňe garaşýan mätäçler biz. Damja deňiz bolar, zerre hem güneş, eger Seniň Jomartlygyň ýetişse. Bar zatdan bähresiz-nesipsiz galar, eger-de Seniň merhemetiňden mahrum bolsa. Onda ynsanlar dünýäsiniň birleşik baýdagyny göge göterip biler ýaly we Ylahy ýalkym Gündogary hem Günbatary gurşap alar ýaly enaýat et, merhemet eýle. Adamzat toparlarynyň bary jem bolup Ebedi ýaşaýyş gözlärler we ynsanlar äleminiň birleşigini ýaýradarlar hem umumy parahatlyk dörederler. Sensiň Kerim, Sensiň Jomart, Sensiň Mähriban.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Dostluk We Agzybirlik (#11930)

Hu’Alla.
    Eý Perwerdigär! Ýarlary wysala ýetir, olary Öz bendeligiňe hemdem we hemra kyl. Ynsanlar äleminde söýgi we mähriň düýbi tutulyp, adamzat nesli bir-birine aşyk we Mähriban bolar ýaly, ýürekleri nurana et we ýüzleri Rahmany eýle. Gündogar goluny Günbataryň goynuna salsyn hem Günbatar ýaýdanman muhabbet ýoluny tutsyn. Türk täjigi özüne hemdem bilip, ony ýoldaş we Mähriban saýsyn we ahli ynsanlar bir-birek bilen tükeniksiz dostluk bilen gatnaşykda bolsun. Bigänelik galmasyn, gybat bolmasyn. Hemmeler bir-birini aşna, dost we dertdeş duýsunlar.
    Barhudaýa! Bu dünýä asudalyk tapar ýaly, bu tekepbir jahan, Ylahy älemden köp-köp nesibesi bolar ýaly, bu tüm gijäni röwşen gündize öwür we milletler arasyndaky kine-öýkäni, dostluga we muhabbete öwür. Sensiň Başarjaň hem Güýçli. Sensiň Bagyşlaýjy, Parlak we Görüji.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

